HARYTLARYMYZ

Türkmen diliniň düşündirişli sözlüginde maňyz sözüniň düşündirilişiniň biri hem ” Many, mazmun, netije” diýlip berilýär. Biziň size hödürleýän arahis maňyzlarymyz siziň pikir etme ukybyňyzy tizleşdirip, edip oturan işleriňizde many, mazmun we netijä çalt barmagyňyza itergi berer. Işgärleriňiz we hyzmatdaşlaryňyz bilen geçirýän ýygnaklaryňyzda “Hoşwagt” arahis maňyzlaryny hödür etmegi ýatdan çykarmaň.

Yssy we uzyn tomus günleriniň esasy güýmenjesi, uzyn gyş gijlerindäki içgysgynç kinolaryň bolsa ýekeje gyzykly tarapy. Elbet-de, daşyna adam üýşürmäni hem başarýar. Üýşülensoň süýji gürrüňler hem tapylýar. Hoşwagt çigitler.

Duýduryş: Endige öwrülýär!

 

Ençeme garry mamalar we eneler bilen geçiren söhbetdeşligimiziň netijesinde olaryň çaýy gant bilen içmegi halaýandyklaryny anykladyk. Emma ak reňkli ullakan dörtburç gant döwrebap çaý saçaklarynda öz ýerini tapmakda kösenýär. Biziň öndürýän gantlarymyz gaýyn enelerine çaý demleýän ähli ýaş gelinleriň estetiki talaplaryny kanagatlandyrjak derejede owadan, reňkli we tagamly. Hoşwagt gantlary – köne tagama täze öwüşgün!

Türkmen saçagynyň naýbaşysy bolan türkmen çöregini halkymyz mukaddes hasap edýär. Çagalaryň iň söýgüli tagamy tamdyr başynda suwa basylan gyzgyn çörek. Türkmen toýlaryny dogramasyz göz öňüne getirmek hem kyn. Biz bolsa çöregi kakadyp, ony dürli tagamlar bilen baýlaşdyrdyk. “Hoşwagt”-yň kakadylan çörek bölejikleri eýýäm halkymyzyň söýgüsini doly gazanan önüm!

Türkmende bir yrym bar. Çaganyň diş toýunda patrak seçilýär we süýjülik hökmünde patrak paýlanýar. Biziň öndürýän patraklarymyz hat-da dişi ýok çagalaryň hem söýgüli iýmiti. Hoşwagt patraklary- toýlaryň süýüiligi.

Her säher bagtly ýylgyryşy ýüzüňize ýaýjak, her arakesmede süňňüňizi ýeňletjek jady. Meýilnamalary taýýarlamaga kömekçi, pikirleri jemlemäge bolsa maslahatçy. Üstesine, zehinleri ýiteldýär; duýgulary bolsa inçeldýär. Tebigatyň tagamy- Hoşwagt kofe