BIZ BARADA

 “Hoşwagt”

Häzirki wagtda importyň ornuny tutmak we eksport mümkinçiligini ýokarlandyrmak üçin kärhana berlen wezipeleri üstünlikli ýerine ýetirýär. Kompaniýa öndürilen önümleriň göwrümini hasam artdyrmak isleýär. Öňdebaryjy kompaniýa içerki bazary täze miweler we gök önümler bilen üstünlikli üpjün edýär, ýokary hilli kofe öndürýär, süýji bişirilýär

“Hoşwagt” markasy bilen mekgejöwen, çipsiler, süýjiler öndürülýär . “Jooy” söwda belligisi astynda karamel süýjüleriniň görnüşi giňeldildi.

Kompaniýa önümlerini dünýäniň dürli ýurtlaryna üstünlikli eksport edýär. Bu sanawda Özbegistan, Gyrgyzystan, Owganystan we Gazagystan bar. Bu edara ýakyn wagtda önümleriniň eksportyny artdyrar diýlip garaşylýar.

Kompaniýa önümlerini dürli ýurtlara üstünlikli eksport edýär. Bu sanawda Özbegistan, Gyrgyzystan, Owganystan we Gazagystan hem bar.Ýakyn wagtda önümleriniň eksporty artdyrylar diýlip garaşylýar.

Geljekde öz çig malymyzy ulanyp, çipsileriň önümçiligini ýola goýmak niýetimiz bar. Kartoşkanyň dürli görnüşlerini ösdürip ýetişdirmek üçin 600 gektar ýer bölegi bölünip berler. Şeýle hem banan we sitrus miwelerini ösdürip ýetişdirmek üçin 50 gektar meýdanda ýyladyşhana gurulýar. Takmynan 3 gektar meýdany apelsin agaçlary tutar.